Siziň salgyňyzda türkmençe windows barada okadym we size Windows 7 beta version(özüm alanymda rus wersiýasyny aldym sazlanymda bolsa türkmençe sazladym)ulanyp gormegi maslahat berýärin. Şu windows-da birneme türkmençe bar, dogrysyny aýtsam siziň şu adresiňizi şol windowsyň üsti bilen tapdym. Beýleki Windowslarda (XP SP2, XP SP3) bolsa Türkmen saýtlary we ş.m. diýip ýazanymda başga zatlar çykarýar. (Windows 7 beta version Windows Vista ýaly ýöne ondan birneme tapawutlyrak) Ýöne dogry aýdylan biziň özümiz gaýrat etmesek başga biri gaýrat etmez. Şonuň üçin türkmen progmammistleri yhlas etmeli. Rusça we iňlisçe bilýänimiz bar bilmeýänimiz. Meselem: men obada ýaşaýaryn, rusçany we iňlisçäni bilmeýän bolsam, düşünmesem, kompýuteriň başynda oturdyp goýsalar näme etjegiňi bilmersiň, manysy bolmaz. Şonuň üçin şol ýagdaýlary göz öňünde tutup Türkmen programmistleri türkmençe Windows programmasyny ýazsalar gowy bolardy.

Köneler, nwo tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir