Mähriban gelin-gyzlar ýetip gelen 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun!

Elmydama ýüzüňizde şatlyk bolsun, güler ýüzüňiz solmasyn!

Baýramçylygyň taryhy gelip çykyşy.

Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara konferensiýada Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Bu baýramçylyk ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada bellenilip geçilýär. Soňra 1913-nji ýyldan başlap Russiýada hem bellenilip başlanýar. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýaramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soňra pugtalanýar.

1912-nji ýylda zenanlaryň günini 12-nji maýda belläpdirler. 1914-nji ýyldan bäri bu baýramçylyk 8-nji martda bellenilýär.

Sorag-jogap, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir