Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bilşiňiz ýaly, 1-nji Sentýabrda Remezan aýynyň ilkinji güni başlaýanlygy mynasybetli, dykgatyňyza bu aý we oraza hakynda gerekli maglumatlary ýetirmegi ýa-da ýatlatmagy yslam.info jogapkärleri hökmünde makul gördük. Yslamda Oraza Oraza biziň dilimize Parsçadan gelýär, aslynda Arap dilinde ulanylýan “sawm” sözüniň Türkmen dilindäki ulanylýan ady bolup, manysy boýunça:”bir zatdan uzak durmak, ynsanyň özüni tutmagy we päsgel bermegi” diýmekdir. Dini höküme görä bolsa:”ilkinji şapagyň sökýän wagty bolan daňdandan agşam gün ýaşýança, bir maksada laýyklykda bir ýagdaýda iýmek, içmek we jynsy gatnaşykdan uzak durup, nebsi terbiýelemek we jylawlamak” diýmekdir. Oraza Yslam dininiň bäş şertinden biri bolup, Medinä hijretden soňra, ikinji ýylynyň Şaban aýynda parz edildi. Fykyh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir. «Imsak» sözi özüňi saklamak, böwet bolmak manylaryny berýär. Imsak wagty (agyz beklenýän wagt) fejri sadygyň girmegi bilen, ýagny, ýassy namazynyň wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlanýar. Bu wagt selällik wagty hem gutaryp iýmekden, içmekden, jynsy gatnaşykdan el çekilýär. «Iftar» sözi açmak, bozmak diýen manylary berýär. Iftar wagty (agzaçar) orazanyň gadaganlyklarynyň wagtynyň gutarmagydyr. Bu wagt agşam namazynyň hem başlanýan wagtydyr. Gurhanda orazanyň ähmiýeti barada: “Eý, iman edenler! Oraza(agyz beklemek) sizden öň gelip geçen ymmatlara parz boluşy ýaly, size-de parz edildi. Şeýlelik bilen erbetliklerden goranmagyňyz umyt edildi. Sanlyja günler hökmünde (oraza size parz boldy)! Sizden biri syrkaw ýa-da ýolagçy bolsa (agyz bekläp bilmedigi günleriniň sany boýunça) beýleki günlerde kaza eder(öwezini dolar)! (Garrylyk ýa-da şypa gowuşmagy mümkin bolmadyk syrkawlyk sebäpleri bar bolup) oraza tutmaga güýji ýetmeýänler üçin bir garyby doýurjak mukdarda fidýe* gereklidir. Munyň bilen birlikde, kim öz islegi bilen haýyr(oňat) amal etse, elbetde, bu özi üçin has amatlydyr. Eger (kyn bolmagyna garamazdan orazanyň hikkmet we gazandyrýan sogaplaryny) bilseňiz, oraza tutmagyňyz siziň üçin has haýyrlydyr. Remezan aýy ynsanlara ýol görkeziji, dogrynyň we dogryny egriden aýyrmagyň aýdyň delilleri hökmünnde Gurhanyň indirilen aýydyr. Şol sebäpli, sizden remezan aýyna gowuşanlar oraza tutsunlar! Kim şol wagt syrkaw ýa-da ýolagçy bolsa, (oraza tutup bilmedigi günleriniň sany boýunça) beýleki gznlerde kaza etsin! Allah siziň üçin aňsatlygy islär, kynçylygy islemez. Bularyň bary (gerekli mukdardaky) gün sanyny tamamlamagyňyz we size dogry ýoly görkezmeni üçin, Allaha tagzym(ybadat) etmegiňiz we şükür etmegiňiz üçindir.” (Bakara, 2/183-185) “Ertiriň ak sapagy (aýdyňlygy), gara sapagyndan (garaňkylygyndan) aýrylýança iýiň, soňra bolsa agşama deňiç orazaňyzy tutuň...”(Bakara, 2/187) Hadyslarda orazanyň ähmiýeti barada: “Oraza perdedir. Biriňiz bir gün oraza tutanda, erbet söz diýmesin, gygyryp azgyrylmasyn! Biri özüne betgelşik söz aýtjak bolsa ýa-da uruşmakçy bolsa:”Men orazaly!” diýsin (we oňa ähmiýet bermesin)!” “Hemme zadyň öz zekaty (tämizlenme usuly) bardyr, bedeniň zekaty(sadakasy) orazadyr! Oraza sabryň ýarysydyr!” (Ahmet b.Hanbel, 4/260) “Oraza tutanyň ukysy ybadat, dymmagy tesbih kabul ediler. Haýyr we ybadatlaryna birnäçe esse köp sogap beriler. Dilegi Allah tarapyndan kabul edilip, günäleri bagyşlanar!” (a.g.e. 3/327) “Orazalynyň agzaçar wagty hökmany ýagdaýda kabul edilýän dilegi bardyr!” Oraza barada, olaryn gornushleri barada we has kop ginishleyin maglumat ucin, ynha, şu linke(yslam.info) basyň! Oraza barada soraglaryňyz ýa aýtmak isleýän zatlaryňyz bar bolsa, şu ýerde ýazybermeli! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir