Ter güllere beslenip lowurdap gelen maý aýy toý baýramlara baý aý bolup her bir adamyñ kalbyny heýjana getirýâr. Toýly günlerde döwlet derejesinde geçirilýân baýramçylyklara ser salanymyzda muña aýdyñ göz ýetirýâris. Şeýle baýramçylyklaryñ biri hem Türkmenistanyñ Konstitusiýasynyñ we Magtymguly Pyragynyñ Şygryýet baýramy döwlet derejesinde diýarymyzyñ âhli künjeklerinde ulydan bellenilip geçirilmegi hem beýik şahyryñ şan şöhratyny tâze arşy belentliklere göterýâr. Ajaýyp eserler bilen dünýâ edebiýatynyñ altyn hazynasyna giren türkmeniñ beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan hormat örân uludyr. Magtymguly Pyragy öz ýurduny halkyny ýürekden söýen şahyrdyr. Ol öz bütin ömrüni watana, halka bagyşlandyr. Her ýylyñ 18-nji maýynda döwlet derejesinde bellenilip geçilýân dabarada adamzat kalbynyñ şahyry bolan asly Gerkez ýurdy Etrek ady Magtymgulydyr diýip öz iline akyl gâmisini peşgeş berip giden şahyryñ öçmez ruhynyñ öñünde tagzym edilýâr. Türkmeniñ akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyñ bize miras goýup giden goşgulary nijeme asyrlar geçenem bolsa, barha öwşün atyp kalplara nur çaýýar. Şahyryñ many mazmuna baý watansöýüjilige we ynsanperwerlige ýugrulan kâmil goşgulary adamzadyñ añynda müdimi ýaşamagyny dowam edýâr.

Köneler, nexttmm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir