Türkmenistan 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça v Aziýa oýunlaryny geçirmäge uly taýynlyk görýär. Munuň üçin ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabatda ABŞ-nyň 5 milliarda dollary bolan Olimpiýa şäherçesi gurulýar. Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem Okeýanyň döwletleriniň Milli Olimpiýa komietetleriniň on ýedisiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Şeýlelikde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hakykatda Aziýa we Okeýan döwletleriniň sport türgenleri gatnaşarlar, Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň bu ýaryşyna ilkinji gezek iki yklymyň- Aziýa we Okeýan döwletleriniň sport türgenleri gatnaşarlar. Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak döwletleriň sanynyň artmagy bilen bäsleşiljek sport görnüşleriniň hem artmagyna garaşylýar, çünki Trkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeýan döwletleriniň sport türgenlerini Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşdyrmaga kepillik beren Ähtnama gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda eden çykyşynda Aşgabatda geçjek Aziýada sport oýnuna sportuň 19 görnüşiniň sanawyna atçylyk (konkur) we milli türkmen göreş sportyny goşmagy teklip etdi. Şeýlelikde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna Okeýan döwletleriniň 0n ýedisiniň türgenleri ilkinji gezek gatnaşarlar,bäsleşiljek sport görnüşleriniň sanynyňam öňkülerden has köpeljekdigine şübhelenmese bolar. Türkmen sportsmenleri soňky ýyllarda barha köp üstünlige eýe bolýarlar. Türkmenistan Hökümetiniň sporta uly goldaw bermegi bilen ýaş sport türgenlerimiziň halkara ýaryşyna gatnaşyp, abraý bilen çykyş edýändiklerini aýtmak gerek. Ata watanymyz halkara derejesinde sport oýunlaryny geçirýän ýurda hem öwrülip barýar. Mysal, şu ýylyň 19-23-nji noýabr aralygynda guşakly göreş boýunça on ikinji, türkmen milli göreşi boýunça ilkinji dünýä çempionaty Aşgabatda geçirildi. Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatyna ýigrimi üç döwletiň sport türgenleri gatnaşdylar. Olar medallaryň 27 toplumy boýunça 108 altyn, kümüş we bürünç medallar ugrunda bäsleşdiler. Bu dünýä ýaryşyna eminlik etmek üçin daşary döwletden 20 emin, Türkmenistandan 15 sany halkara derejeli eminler gatnaşdylar. Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 45 medaly eýeläp, birinji orna mynasyp boldy. Ol medallaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş, 15-si bürünç medallardyr. Ikinji orny eýelän Russiýanyň sport türgenleri 16 medal, üçünji orny eýelän Ukrainanyň sport türgenleri bolsa 9 medal gazandylar. Türkmeniň milli göreşi ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda halkara derejesindäki sport oýnuna öwrüldi. Guşakly göreşden tapawutlylykda türkmen milli göreşinde ýeňijiler aýlaw usuly boýunça kesgitlenýär. Şol ýaryşyň üçünji güni sekiz agram derejesinde türkmen milli göreşi boýunça 32 medala eýe bolmak üçin dünýäniň 23 döwletinden gelen pälwanlar bäsleşdiler. Ata-baba milli sportymyz bolan türkmen milli göreşinde türkmen pälwanlaryna taý tapylmady. Biziň pälwanlarymyz mümkin bolan 32 medalyň 16-na, has dogrusy, deň ýarysyna eýe boldular. Ýeri gelende, taryha ýüzlensek, asly türkmen, köneürgençli, XIV asyrda ýaşan uly pir, alym, şahyr, Mahmyt Päliwan türkmen milli göreşini guşakly göreş bilen utgaşdyryp, dünýä ýaýypdyr. Oňa Orta Aziýada guşakly hem türkmen göreşi boýunça bäsdeş tapylmansoň, ol Hindistana gidip, Hindi patyşasy Raý Çoý Punanyň 72 pälwanyny hem ýeňipdir. Hatda Mahmyt Päliwan Hindistanda Mongol şasynyň iberen pälwanyny ýeňip, Hindi patyşasyny masgaraçylykly ölümden halas edipdir. Çünki Mongol şasy öz pälwanyny iberip, „Eger Hindi patyşasynyň pälwanlary iberen pälwanlaryndan ýeňilse, onda Hindistany weýran etjekdigini mälim edipdir. Mahmyt Päliwan mongol pälwanyny ýeňensoň, mongol şasy mežbury sözünde durup, Hindistana ýöriş etmändir. Hindi patyşasy Mahmyt Päliwanyň bu ýagşylygy üçin, ol özünde bar bolan türkmen ýesirlerini boşadypdyr. Mahmyt Päliwany hormatlap, oňa öz münýän pilini sowgat beripdir. Mahmyt Päliwan Hindi patyşasynyň beren pilini münüp, öz watanyna dolanypdyr. Şondan soň onuň ady Pilmahmyt diýlip tutulypdyr. Ynha, bu günki gün Pilmahmydyň dünýä ýaýan guşakly we türkmen milli göreşini türkmen türgenlerimiz hem mynasyp dowam etdirip, olar öz watanymyzda geçen dünýä çempionatynda döwletleriň toparlaýyn bäsleşiginde hem şek-şübhesiz ýeňiji boldular. Türkmen sportsmenleri halkara derejesindäki ýaryşlarda hem barha şowly çykyş edýärler. Ýaňy ýakynda Belorusuň Minski şäherinde geçip, şu ýylyň 7-nji dekabrynda tamamlanan taýekwondanyň olimpiýada däl görnüşi boýunça GDA-nyň hem dünýäniň açyk Kubogyny almak boýunça halkara ýaryşyna gatnaşyp, türkmen türgenlerimiz bäş medalyň eýesi boldular.Bu halkara ýaryşyna dünýäniň on üç döwletinden 500 gowrak taýekwonda türgenleri gatnaşypdyr. Taýekwondaçylar ýetginjekler, kadetler, ýunerler hem uly ýaşlylar toparyna bölnüp bäsleşdiler. Türkmen sportsmenleriniň gazanan medallarynyň biri altyn, dördüsi bolsa bürünçdir. Medallaryň hemmesini on ýedi ýaşdan aşakdaky ýetginjeklerimiz eýelediler. Taýekwondaçy Annamyrat Goşanyýazowa 57 kg agram derejesinde taý tapylmady, ol altyn medalyň eýesi boldy. Tuli–toplumlaýyn maşklar boýunça Gaýgysyz Atabaýew we Orazmyrat Çaryýew hem ýetginjekleriň arasyndaky şahsy bäsleşikde 51 we 47 kg agramda Muhammet Hudaýberdiýew, Arslan Batyrow bürünç medalyň eýesi boldular. Taýilandyň Phuket şäherinde geçen IV Aziýanyň suwda oýnalýan sport oýny boýunça halkara ýaryşynda türkmen sportsmenlerimiz on bir medal–bir altyn, üç kümüş, ýedi bürünç nedal gazanyp, ýaryşa gatnaşan 43 döwletiň arasynda 23-nji orny eýeläp, orta derejede çykyş etdiler. Bu halkara ýaryşy Aziýa yklymy boýunça iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Bu gezekki ýaryşa has uly möçberde 43 döwletden 2583 sportsmen gatnaşyp, olar suwda oýnalýan sport oýnunyň 26 görnüşi boýunça bäsleşdiler. Türkmen sportsmenleri sportyň 9 görnüşi–sambo, žiu-jitsi, erkin göreş, adaty göreş, taý boksy, petank fransuz oýny, basketbol (erkekler), gandbol (aýallar), suwda oýnalýan woleýbol boýunça ýaryşa gatnaşyp, başky sanan alty görnüşimiz boýunça on bir medal gazandylar. Samboçylarymyz dört medal gazandylar. Gülbadam Babamyradowa 52 kg agramda ýeke täk gazanylan altyn medalyň eýesi boldy. Nasibe Surkiewa toparlaýyn bäsleşikde iki kümüş, Tejen Tejenow bolsa 82 kg agramda bir bürünç medal gazanmagy başardy. Üçünji kümüş medaly halkara Türkmen-türk uniwersitetiniň talyby Didar Baýramow 80 kg agramda gazanmagy başardy. Žiu-jitsi aýallar (duet) bäsleşiginde E. Hallyýewa, R. Nurjaýewa, 66 kg agramda erkin göreşde M. Artykow, 52 kg agramda A. Jumakulyýewa, Z. Abdyrakmanowa, petank fransuz oýny boýunça S. Nurberdiýewa, N. Şatilowa, N. Kulik, Ý. Griçinowa (toparlaýyn) bürünç medaly gazandylar. Nabat Batyrowa taý boksynda 26 aýalyň arasynda bürünç medala eýe boldy. Biz türkmen türgenlerimiziň diňe soňky 20 günüň dowamynda geçen halkara ýaryşynda gazanan üstünlikleri hakynda söhbet etdik, Eger diňe soňky bir ýylda türkmen türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri hakynda ýazmaly bolsa-da bu sanawy has uzaltmaly bolardyk. Çünki Türkmenistanda soňky ýyllarda sporty ösdürmek üçin döwlet derejesinde uly tagalla edilýändigi açyk duýulýar. Häzir ýurdumyzda sport mekdebi bolmadyk ýekeje etrabam ýok. Ol sport mekdepleri niň barha sany artýar. Şu ýylyň 8-nji dekabrynda Aşgabatda 350 orunlyk ýöriteleşdirilen küşt we şaşka boýunça mekdep açyldy. Bu mekdepde türkmeniň gadymy milli oýny düzzümi oýnamaga hem mümkinçilik döredilipdir. Küşt hakynda aýdylanda hem, bu oýun türkmenleriň arasynda-da gadym döwürden bäri meşhurdyr. Bu oýnuň gadymy türkmençe ady şadranç-sadrançdyr. Dünýäniň ilkinji resmi bolmadyk küşt çempiony hem VIII asyrda ýaşan Muhammet as Suludyr. Onuň heýkeli „Ylham“ seýilgähimize uly bezeg berýär. Täze açylan küşt mekdebi üç gatdan ybarat bolup, onda okuw-türgenleşik otaglarynyň 2-si bar, olarda sportuň üç görnüşi küşt, şaşka, düzzüm boýunça meşgullanmak gözöňünde tutulypdyr. Okuw otaglaryndan başga 180 adama niýetlenen iki uly, 90 adama niýetlenen bir kiçi türgenleşik zaly iň häzirkizaman multimediýa enjamlary bilen üpjün edilipdir. Okuw otaglary doly kompýuterleşdirilipdir. Kompýuterlerde häzirkizamanyň iň güýçli küştçüleriniň oýunlary bilen tanyşmak, hatda olar bilen gaýybana oýnamak mümkinçiligi döredilipdir. Mahlasy bu mekdepde küşt boýunça halkara ýaryşyny gurnamaga ähli mümkinçilikler bar. Pederlerimiziň söýüp oýnan küşt oýnunyň ussatlary ýaş neslimiziň arasynda hem az däl. Bägül Ezizowa dokuz ýaşa çenlileriň arasynda Brazilýanyň Juis-de-Fora şäherinde çykyş edip, dünýäniň 27 döwletinden gelen 38 ýaşajyk küştçileriň içinde hemmesini ýeňip, ýaşajyk dünýäniň çempiony boldy. Bu ýaşajyk küştçümiziň küşt boýunça tejribesi barha artýar. Bägül Ezizowa şu ýylyň sentýabrynda Günorta Afrika respublikasynda geçen, 88 döwletden gelen 8 ýaşa çenli 500 küştçüleriň içinde bürünç medala mynasyp bolupdy. Ol geçen ýyl Gresiýada ýedi ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen küşt bäsleşiginde 6 oýnuň hemmesinde hem utup, ýeňiji bolupdy. On bir ýaşly küştçüleriň içinde dünýäniň iň güýçli on küştçsiniň biri hasaplanýan Muhammet Ezizow hem geljegine uly umut bildirilýän ezber küştçümizdir. Bu iki dogan sport äleminde Türkmenistanyň adyny arşa galdyrýandygy üçin döwlet baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmat bahaly sylagyna mynasyp boldular. Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde noýabrda geçen küşt ýaryşynda R. Nazarow altyn, M.Öwezowa kümüş medal aldylar. Milli küşt bäsleşigimzde has şowly çykyş edýän dört ýaşly Hatyja Eziowa hem iň kiçijik küştçimiz hökmünde ýokarda ady agzalan ýetginjek küştçülerimiz bilen sowgat berdiler. Umuman, küşt boýunça ýaşajyk türgenlerimiziň uly geljeginiň bardygyna şübhelenmese bolar. Aşgabatda täze açylan küşt mekdebi bolsa sportuň küşt, şaşka hem milli düzzüm oýnumyz boýunça zehinli ýaşlarymyzyň çykmagyna uly ýardam berer. Ähli aýdanlarymyzy jemläp, türkmen sporty dünýä çykýar diýip ynam bilen aýdyp bileris. Çünki munuň şeýle bolmagy üçin döwlet derejesinde uly tagalla edilýär. Döwletmyrat Ýazkulyýew. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

Köneler, Publisist tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir