Saýrak etdiň dilleri, berk guşatdyň billeri, Gel, indi elleşip, hoşlaşaly biz. Uniwersitet ýyllary! Hem ajy, hem süýji senden aýrylmak, bu gün hem gaýgyly, hem şadyýan men. uzak hem şöhratly ýola ugraýan ýolagçy men, bir gijelik myhman men. hoş gal, aladaly, sapaly ýyllar, hoş gal, eziz mekan - ylymlar bagy. ukusyz gijeler, argynly günler, hoş gal, juwanlygyň sapaly çagy. arzuw bilen geçen ýaz hem gyşlarym, hoş gal, mugallymlar, deňi-duşlarym. egsilmejek gujur berdiň, bat berdiň, göreç berdiň inçe zady duýmaga. edep berdiň, abraý berdiň, at berdiň, ýürek berdiň adamlary söýmäge. ylymyň şöhratly ýoluny geçip, student bolardym, dostlar hemişe. arman, gujagyny uludan açyp, dogduk obam meni çagyrýar işe. saýrak etdiň dilleri, berk guşatdyň billeri, gel indi el berip hoşlaşaly biz, uniwersitet ýyllary. Halyl kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir