Mersedes-Benz ChatGPT neýroulgamy arkaly ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeltmegi göz öňünde tutýar we bu barada Microsoft bilen eýýäm ylalaşdy. ABŞ-da bu kompaniýa MBUX media ulgamly awtoulagyň islendik eýesiniň birigip biljek täze kömekçisi üçin beta-synag prosedurasyny işe girizdi. Kompaniýa dil modeliniň emeli aňly elementleriniň birleşmegi ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňelder diýip garaşýar. Köplenç onuň işi şol bir ülňüdäki birnäçe haýyşlar we jogaplar bilen çäklenýär, ýöne ChatGPT kömekçini ýolagçylar bilen umumy tebigy söhbetdeşligi dowam etdirip biljek derejä ýetirmegi başarýar. Beta-synag wagtynda döredijiler ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini ileri tutmak üçin iň köp ýaýran soraglar we jogaplar barada maglumatlaryň ýygnanmagyna garaşýarlar. Beta üç aý dowam eder, synaglara 900,000 amerikan MBUX multimediýa ulanyjysy gatnaşyp biler. Zerur programma üpjünçiligini ulgamda ýerleşdirmek "howada" amala aşyrylar. Mersedes-Benz-iň Ýewropa we Hytaý ýaly beýleki sebitlerde şuňa meňzeş synaglary başlatmagy meýilleşdirýäni-meýilleşdirmeýäni entek belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir