«Pari Sen-Žermen» fransuz futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi möwsüm tamamlanandan soň, klubdan gidip biler. Bu barada sişenbe güni France Press agentligi klubdaky çeşmesine salgylanyp habar berdi. "Iýun aýynda şertnamasy tamamlanandan soň onuň klubdan gitmek mümkinçiligi has ýokary, ýöne bu gutarnykly karar däl. Täze şertnama baglaşylmady, gepleşikleriň depgini dolulygyna üýtgedi, çünki PSŽ şertnamany uzaltmaga o diýen döwtalap däl» - diýip, çeşme habar berdi. Messi «PSŽ-de» 2021-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip gelýär. Klubuň düzüminde hüjümçi ähli ýaryşlarda 67 oýunda 29 gol geçirdi we 32 netijeli pas berdi. «PSŽ» bilen Messi Fransiýanyň çempiony we ýurduň Superkubogynyň eýesi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir