Hormatly agzalar men size Türkmen sportunyň ussatlary bilen tanyşdyrmagy dowam edýän Ataýew Ysmail Atamergenowiç Sport bilen meşgullanmaklygyň jan saglygyňa oňyn täsir edýändigini hemmeler bilýär. Şonuň üçin yurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün geldigiçe artýar. Döwlet derejesinde ýöredilýän syýasat : Prezidentimiziň hut özüniň görelde bolmagy uludan-kiçä hemmeleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine, sportuň görnüşleri bilen meşgullanmaga iterýär. Bu bolsa biziň talyp türgenlerimize uly bir mekdep bolup durýar. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sport fakultetiniň sport hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ataýew Ysmail Atamergenowiç. Ol spotuň kik-boks görnüşi boýunça halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdatdy. Ol Kik-boks boýunça birnäçe gezek Halkara ýaryşlaryna gatnady. 2015-nji ýylyň 27-29-njy martynda Latwiýanyň Riga şäherinde geçirilen bäsleşikde 63.5 kg. agramda çykyş edip, 1-njy orna mynasyp boldy. Ýene-de 2016-njy ýylyň 25-27-nji martynda Latwiýanyň Riga şäherinde geçirilen Kik-boks K1 boýunça Halkara ýaryşyynda 67 kg. agramda çykyş edip, 2-orna mynasyp boldy. 2015-nji ýylyň 21-27-nji sentýabrynda Russiýa Fedrasiýasynyň Anapa şäherinde geçirilen Kik-boksing boýunça Halkara ýaryşynda 3-nji orna mynasyp boldy. 2014-nji ýylyň 24-28-nji oktýabyrynda Türkiýanyň Stambul şäherinde Kik-boks Söweş sungaty boýunça Dünýä festiwaly geçirildi. Ýaryşda baýrakly 1-orna mynasyp boldy. Türgen şeýle ýaryşlada birnäçe gezek altyn, kümüş medallaryň eýesi bolup, ata Watanymyza dolanyp geldi. Baýraklarynyň höwri köp bolsun! Geljekki synag ýaryşlarynda we Aziada-2017-de hem altyn-kümüş medallary gazanmagyny arzuw edýäris!

Köneler, Aziada tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir