Döwletimizde raýatlaryňasuda, erkin ýaşamaklary, ýurdumyzyň kuwwatlanmagy ylym- bilim bilen berk baglanyşdyrylýar. Ylymdan bilimden ýüki ýeten adamyň ahlak sypatlary beýik, maksatly we maksada okgunly, giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli, durmuş hakykatyna düşünýän, ugurtapyjy we sabyrly bolýar. Ylymynsan durmuşynyň bezegi, adamzadyň ajaýyp geljegidir. Ylymyň ynsan durmuşyny bezemekdäki, beýgeltmekdäki, jemgyýeti abadanlaşdyrmakdaky orny örän ýokarydyr. Ylmyň bu ajaýyp aýratynlyklary barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy “Alymlara uýsaň açylar gözüň” diýip ýazan bolsa, onuň pederi we baş halypasy Döwletmämmet Azady “Eýesi gündiz bolsa, ylym bolar Gün, Açyk eýlär görmäge batyl gözün” diýip welilik bilen belläpdir. Abulkasym Ferdöwsi “Diňe ylym bilen janlydyr ynsan, kynçylyk – külpeti ýeňer ol asan”, diýip bellän bolsa, Ýusup Balasagunly “Aňy bolan kişi ylym alar. Ylym we akyl ynsan üçin bir kössekdir, kössekli bolsa ýaramaz ýerlere gitmez” diýipdir. Ylym jemgyýetçilik aňynyň taryhy döwürde emele gelen görnüşleriniň biridir. Ol jemgyýetçilik tejribesi esasynda ösýär hem-de tebigatyň we jemgyýetiň ösüş kanunlaryna takyk we doly düşündiriş berýär, maglumatlara esaslanyp, olaryň emele gelşini, ösüşini düşündirýär, hadysalaryň arasyndaky arabaglanşygy ýüze çykarýar, adama hakyky dünýä akyl ýetirmäge ýardam edýär. Ylym özüniň uzak ösüşiniň dowamynda adamzat jemgyýetiniň täze ösüş tapgyrlaryny geçmäge ýardam etdi, şol tapgyrlaryň her birinde-de ylmyň öz ösüş aýratynlygy boldy. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda ylmyň ösüşinde täze döwür başlandy. Bu döwürde ylmy barlaglaryň usullary has kämilleşdi, ylmyň täze-täze pudaklary döredi, ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşy-da ýokarlandy. Şeýle taryhy döwürde türkmen ylmy-da ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy. XX asyryň birinji ýarymynda Türkmenistanda Halk magaryf komissarlygynyň Döwlet alymlar geňeşi (1924 ý.), Ylmy-barlag instituty (1925 ý.), Türkmen medeniýeti instituty (Türkmenkult 1927 ý.), Botanika bagy (1930 ý.), Baýramaly pagtaçylyk instituty (1929 ý.), Mugallymçylyk instituty (1931 ý. häzir Magtymguly adyndaky Türkme döwlet uniwersiteti), Lukmançylyk instituty (1932 ý. häzir Döwlet lukmançylyk uniwersiteti), Gyzdyrma we medisina parazitologiýasy instituty (1932 ý.), Trahomatoz instituty (1932 ý.), Ösümlikçilik instituty (1933 ý.), Oba hojalyk instituty (1934 ý. häzir oba hojalyk uniwersiteti), Türkmen dil we edebiýat ylmy barlag instituty ýaly ylmy edaralaryň, ylmy ojaklyryň döredilmegi türkmen ylmynyň mundan beýläk ösüşlerine ýardam berdi. 1929-njy ýyldan başlap ylmyň dürli ugurlary boýunça guralan ylmy barlag-gözleg ekspedisiýalaryň milli ylmy, ykdysadyýeti we medeniýeti ösdürmekde ähmiýeti uly boldy. Türkmen ylmynyň gysga möhletde çalt depginler bilen ösmegi 1941-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň bölüminiň döredilmegine esas bolup hyzmat etdi. Bu bölümiň düzümine Taryh, dil we edebiýat instituty, Biologiýa instituty, Geologiýa instituty ýaly ylmy-barlag institutlary girdi. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň bölüminiň döredilmegi netijesinde dil bilimi, edebiýaty öwreniş, taryh ýaly jemgyýetçilik ylymlary giňden ösen bolsa, 1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilen tebigy bilimler ugry has çalt ösüp başlady. Geologlaryň we geofizikleriň işleriniň netijesinde ýurdumyzda ägirt köp mukdarda himiki çig mal beren nebitiň we gazyň uly ýataklarynyň üsti açyldy, dürli duzlara örän baý bolan Garabogaz kölüniň baýlyklaryny ulanmagyň ýollary tapyldy, topragy öwrenijileriň, biologlaryň we ykdysatçylaryň işleriniň netijesinde bolsa, dünýäde adam eli bilen döredilen iň uzyn emeli derýanyň gurluşygynyň taslamasy düzüldi, lukmanlarymyz mergi, mama, garahassalyk ýaly ençeme howply kesellere we kellik, trahoma ýaly şol döwürde giň ýaýran kesellere garşy göreş çärelerini oýlap tapdylar. Ylymlar akademiýasynyň işiniň giňden ýola goýulmagy netijesinde bu döwürde taryh, dil bilimi, edebiýaty öwreniş, filosofiýa, hukuk, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça ylmy kitaplar çap edildi. Türkmen alymlarynyň ýazan ylmy işleri dünýäniň ençeme ýurtlarynda dürli dillerde neşir edildi. Türkmen alymlarynyň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdi. Тüркменистан Гарашсызлыгына аландан соńраtürkmen ylmy täze basgançaklara çykarylyp, uly ösüşlere ýetirildi. Bu ugurda 2007-nji ýylyň 12-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda” hem-de ,,Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” resminamalara gol çekildi. Kabul edilen bu resminamalar türkmen ylmynyň üçünji müňýyllygyň başyndaky täzeden galkynmagyna ak pata berdi. 2009-niy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny we “Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ylmy ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrdy. 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ylmy edaralaryň işiniň mundan beýläkde rowaçlanmagyna uly itergi berdi. 2014-nji ýylyň 12-nji maýynda “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girmegi türkmen ylmynyň parlak geljegini kepillendirdi. Tehnologiýalar merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi bilen geçiren taryhy duşuşygynda çykyş edipdi. Şondan soňra geçen sanlyja ýylyň dowamynda bu merkeziň häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp binasy ylym muşdaklary üçin öz gapylaryny giňden açdy. Onuň açylmagy dünýä ylmynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň yzygiderligini we bitewüligini ýola goýmaga ýardam eder. Türkmen topragynda Merw, Köneürgenç ýaly şäherlerimiziň gadymy döwürde we orta asyrlarda öz zamanasynyň dünýä ýaň salan ylmy merkezleriniň bolandygyna taryh şaýat. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Alym Prezidentimiziň başlangyçlary bilen merjen şäherimiz Aşgabatda gurlup ulanylmaga berlen Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyny synlanymyzda dana Magtymguly Pyragynyň “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýip welilik bilen aýdan sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Ylymly-bilimli, zehinli, döredijilik ukyply, çeperçilik başarnykly raýatlar milletiň ruhy baýlygyny ýokarlandyrmaga, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga, milli ylmymyzyň gazananlaryny dünýä derejesine çykarmaga, türkmen alymlarynyň at-abraýyny ýokarlandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Aýjeren TAGANDURDYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir