Salam ildeşler, TmUnit www.tmunit.com toparynyň proýektlaryndan ýene biri açyldy, ol hem wagtlaýynça barlag görnüşde ýagny "Beta". Saýt barada gysga maglumat bermekçi. Ady: "Dostlar", düşünen bolsaňyz, esasy maksady dost edinmek, diňe öňki tanaýan adamlaryňyz dälde eýsem dünýädäki ähli türkmen ildeşlerimiz bilen özara jemlenip, durmuşyňyzdan gyzykly pursatlary ýat galdyryp bilersiňiz. Saýt näme üçin Beta barlag görnüşde? Sebäbi biziň we şol sanda beýleki web dizaýn studiolarynyň edýän hyzmatlary, türkmen internedini ösdürmekdir, dünýä çägine galdyrmakdyr we bu ýerde esasy rol oýnaýan elbetde siz! Şol sebäpli saýtymyzy hem siziň göwnüňize jaý boljak şekilde düzmegi maksat edindik, diýmek isleýänim sizden kömek soraýas. Näme kömek? - ýeketäk etjek işiňiz, düzen saýtymyzy barlap, ýetmezçiliklerini bize ýetirmek. "Dostlar" saýtynda näme edip bolar? - Edip bolýan işler ýeterli bar, olary günde hem özgertmäge dowam edýäris. Saýtda mowzuk ýazmak | toparlar döretmek | hadysalar, oturşyklar, doglan günler, baýramçylyklar bellemek üçin hadysalar döretmek | Wideo, surat paýlaşmak | Kömek soramak üçin forumlar | Islendik zady satmak üçin harytlar döredip bilersiňiz | Sowgat ugratmak | Ses berişikler | Gysga pikir paýlaşmak we başgada dürli hem peýdaly hem şol sanda gyzykly funksiýalar bilen doldurdyk we dowam edýäris. Esasy zat, ählimiziň halaýşymyz ýaly bal (açko) jemlemek sistemasyny ýerleşdirdik, ýagny şu ýokarda bellän işlerimi etmek bilen açko ýygnarsyňyz, ol açkolar bilen saýtdaky agzalaryň arasynda ýaryşlar gidýär (kim ökde), açkoňyza görä derejäňiz berilýär (täzeje, akylly...) we şol sanda ol açkolaryňyz bilen birnäçe peýdaly zatlary satyn alyp bilersiňiz, satyn almak diýsem - açkoňyzy harjamakdyr. Aýtsam diýere zat köp. gowusy özüňiz görüp ähli zatlara girip görüň - bir zada basmaga görkmaň, pozulmaz :) Türkmen internedi gün-günden özgerýär, we bilişimiz ýaly internet - bu durmuşdyr, elbetde size birhili gelip biler emma bu hakykat, internet bolmasa durmuş durar! Wagt geçmek bilen türkmenlerde hem birnäçe saýtlar düzülip başlady, häzirki düzülýänler hem ep-esli bar, haýsylardygyny bilmek isleseňiz aýratyn sorap bilersiňiz. Gepimi jemlesem köpimiz telefondan girýäris,onuň üçin hem biziň esasy maksadymyz telefo ulanyjylaryna has amatly ýagdaý döretmekdir, häzirki Beta görnüşinde birnäçe kemçilikler bar, şonuň üçin sabyr etmegiňiz gerekdir. Bolýa, köp ýazdym öýdýän, özüňiz girip baha berersiňiz, aýdanym ýaly kemçilikleri bize ýetirmegi unutmaň! Wiý ýatdan çykyp barýar, saýt adresi www.dostlar.tmunit.com :) Saýt ösmek bilen www.dostlar.com bolar, Inşallah! TmUnit www.tmunit.com

Köneler, paychy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir