Sport bilen diňe sport zalynda meşgullanmak hökman däl. Öýde-de, esasanam degişli sport enjamlary bar bolsa, aňsatlyk bilen ýerine ýetirip boljak maşklar bar. Zenanlar, köplenç, sport zalyna gatnamaga wagt tapmaýarlar, şonuň üçin «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» sport enjamlarynyň dükany aýal-gyzlara fitnes-klublaryna gatnamak bilen wagt ýitirmän, bedeni islenýän şekilde saklamak üçin zerur harytlary hödürlemäge taýyndyr. Bu ýerde fitnes üçin gantelleri, fitnes toplaryny, bökülýän ýüpleri we rezinleri satyn almak mümkindir. Bu sada, ýöne täsirli sport enjamlarynyň ählisi öýde ýerine ýetirilen adaty maşklary has netijeli eder. Olar bilen maşk etmek myşsa korsetini güýçlendirýär, çeýeligi artdyrýar, kardio işjeňliginiň ýokary derejesini üpjün edýär. Zerur esbaplary «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanyndan hem, görkezilen salgyda sargytlary resmileşdirmek arkaly hem satyn almak mümkindir. «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükany müşderilere şu salgyda garaşýar: Aşgabat, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 1-nji gat, B6B dükany. Telefonlar: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir