Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda Perunyň derwezesine iki gol geçirdi. Duşuşyk häzirki dünýä çempionlarynyň 2:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Netijede, Messi Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşlarynda gol sany boýunça rekord eýesi boldy. Oýunçy milli topar üçin 31 gol geçirdi diýip, gazeta.ru habar berýär. Öňki rekord Urugwaýyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Luis Suarese degişlidi, onuň hasabynda 29 gol bar. Argentina dört oýundan soň 12 utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy. Finalda onuň topary Fransiýany penalti tapgyrynda utdy. Hüjümçiniň özi iki gol geçirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir