Külli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy ýetip gelýär. 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy başlanýar. Türkmenistanyň Müftüliginiň beren maglumatlaryna görä, Orazanyň ilkinji güni 23-nji marta, soňky güni bolsa — 20-nji aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 17-sindan 18-ine geçilýän gijä düşýär. Baýram namazy 21-nji aprelde okalar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir